«Astoria Grande» web saýtynda Soçiden (Russiýa) Aleksandriýa (Müsür) aralygyna täze kruiz gämi gatnawynyň ýola goýulýandygy habar berildi.
Iki hepdelik amala aşyryljak syýahat Soçi (RF) — Stambul (Türkiýe) — Kuşadasy (Türkiýe) — Aleksandriýa (Müsür) — Izmir (Türkiýe) — Amasra (Türkiýe) — Soçi (RF) gatnaw ugry boýunça ýerine ýetiriler. Bu syýahatlar 2023-nji ýylyň 8-nji aprelinde we 11-nji noýabrynda meýilleşdirilýär. Häzirlikçe bu syýahatlar üçin ýer sargyt edip bolmaýar. Olar babatda web saýtda diňe habarnamalar üçin e-poçta salgysyny goýmak teklip edilýär.
«Astoria Grande» ýolagçy laýneri 2022-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, Soçiden Türkiýä yzygiderli syýahatçylyk gatnawyny ýerine ýetirip başlady.