5-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary başlandy. Hytaýyň paýtagtynda türkmen Liderini HHR-iň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Hytaýyň paýtagtynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy bolar.
Ýokary derejede geçiriljek türkmen-hytaý gepleşikleriniň çäklerinde söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, himiýa senagaty, ulag, aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýar.