«Balkan» ýük gämisi Azerbaýjana ýük daşamak üçin ulanylar

2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» ÝGPJ «Balkan» ýük gämisini Türkmenbaşy — Baku — Türkmenbaşy ugry boýunça ýük konteýnerlerini daşamak üçin ulanar. Bu barada wzglyad.az saýtynda habar berilýär.

Häzirki wagta çenli Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda ýylda 400 000 konteýneri üstaşyr geçirmek üçin ähli şertleri döredildi. Şunuň bilen baglylykda, deňiz terminaly sagatda 15 konteýnere hyzmat etmäge ukyply STS görnüşli kranlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Şeýle-de konteýner eýelerine amatly şertleri döretmek maksady bilen, terminalda konteýnerleriň mugt saklanyş möhleti 60 güne çenli uzaldyldy.

Ýeri gelende bellesek, halkara ýükleri konteýnerleriň üsti bilen daşamak nyrh we wagt babatda amatly bolup durýar.