Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana ýük düzümi geçer

Russiýa Federasiýasynyň demirgazygynda ýerleşýän Kareliýa Respublikasyndan çaphana kagyzlary ýüklenen otly düzümi «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň üsti bilen Hindistana eltiler. Bu barada «RŽD Logistika» paýdarlar jemgyýeti habar berýär.

«RŽD Biznes Aktiw» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan düzülen ýük otly düzümi 32 wagona ýüklenen 40 futluk 53 konteýnerden ybaratdyr. Çaphana kagyzlary ýüklenen otly düzümi ýurduň demirgazygyndaky Nigozero Oktýabrsk demir ýol menzilinden ugrady. Ol «Demirgazyk — Günorta» multimodal ulag geçelgesi arkaly Hindistana çenli 7,2 müň kilometrden gowrak ýol geçer.

«RŽD Biznes Aktiw» paýdarlar jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary Andreý Koçkinanyň sözlerine görä, Sarahs serhet geçiriş ýeri arkaly Eýrana we Hindistana ýük geçirilişini artdyrmak babatda gepleşikler geçirilýär. Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherine golaý sebitden ugradylan ýük düzümi Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň demir ýollary arkaly Eýranyň günortasyndaky deňiz portlaryna, ondan aňryk bolsa gämiler arkaly Hindistanyň Çennaý deňiz portuna eltiler.

Degişli döwletler «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesi arkaly ýükleriň daşalmagyny işjeňleşdirýärler. Bu multimodal ulag ugry Ýewropany Pars aýlagy we Hindi umman sebitleri bilen baglanyşdyrýan, Sues deňiz geçelgesine çykarýan alternatiw ulag geçelgesidir. Degişli döwletler bu ugur arkaly ýükleriň daşalyşyny 2030-njy ýyla çenli 2 esse artdyryp, häzirki ýyllyk 17 million tonna möçberden 32 million tonna ýetirmekligi maksat edinýärler.