«Soňky döwürlerde «JAC» kompaniýasy ýeňil we ýük awtomobilleri bilen uly meşhurlyk gazandy. Kompaniýanyň awtomobilleri dünýäniň ähli künjegindäki müşderilerde uly islegden peýdalanýar. Kompaniýanyň esasy köp satylýan awtomobili hökmünde «JAC J7» tapawutlandyrylýar. Geçen ýyl bolsa bu awtomobiliň elektrikleşdirilen görnüşi tanyşdyryldy» diýip, jacmotors.com saýtyna salgylanyp, salamnews web-saýty habar berýär.
«JAC E-J7» dolulygyna elektrikleşdirilen ulag bolup, ol ýokary hilli ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Ulag 193 at güýjüne eýe bolan hereketlendiriji bilen üpjün edilipdir. Elektromobil 0-dan 100 km-e çenli tizlige bary-ýogy 5,9 sekuntda ýetýär.
Galyberse-de, «JAC E-J7» häzirki zaman awtomobillerine mahsus bolan döwrebap dizaýni bilen tapawutlanýar. «JAC» kompaniýasynyň bu ulagynyň daşky görnüşini Italiýanyň Turin şäherinde meşhur dizaýner, «Alfa Romeonyň» we «Maserattiniň» öňki dizaýneri Daniel Galýone döredipdir.
Kompaniýanyň paýnamasynyň 70 göterimden gowragynyň nemes awtokonserni «Volkswagene» degişlidigi hem awtomobilleriň ýokary hillidigine güwä geçýär.