24-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň dowamynda Arkadag diýlip atlandyrylan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna ak pata berdi. Bu barada TDH-niň resmi saýtynyň sahypalarynda habar berildi.
Arkadag şäheriniň çäginde hormatly Arkadagymyzy Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew garşylap, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri barada habar berdiler. Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow merkeziň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi.
Degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň çäklerinde täze merkezde gurulýan ululy-kiçili önümçilik kärhanalary, şol sanda, gaýtadan işleýän önümçilikler, şeýle-de şäheriň häzirki zaman talaplara, aýratyn-da «akylly şäher» konsepsiýasyna kybap gelýän aýratynlyklary maslahatlaşyldy.
Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli täze döreden goşgusyny okap berdi. Degişli ýolbaşçylar hormatly Arkadagymyzy ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, täze «Dowam bolsun!» atly goşgusy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.