Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy tarapyndan 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 26-dan täze 114-nji «Parahat-Aşgabat söwda merkezi» ugur açylýandygyny habar berýäris.
114-nji «Parahat – Aşgabat söwda merkezi» awtobus ugry “Parahat” belleniş nokadyndan ugraýar, A.Garlyýew köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – B.Annanow köçe – Ýu.Emre köçe – Ankara köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – Bitarap Türkmenistan şaýoly – Galkynyş köçe –Görogly köçe – A.Nyýazow şaýoly – Seýdi köçe – Tähran köçesi bilen hereket edip, “Aşgabat söwda merkezine” çenli barýar hem-de yzyna Mollanepes köçe – H.Derýaýew köçe - Görogly köçe – A.Nowaýy köçe – Galkynyş köçe – Bitarap Türkmenistan şaýoly – 10 ýyl Abadançylyk köçe – N.Andalyp köçe – Arçabil şaýoly – Ankara köçe – Ýu.Emre köçe – B.Annanow köçe 10 ýyl Abadançylyk köçe – A.Garlyýew köçesi bilen hereket edip, “Parahat” belleniş nokadyna gelýär.