Türkmenistanda elektrikli jemgyýetçilik ulaglary ilkinji gezek Arkadag şäherinde ulanylyp başlanar

21-nji dekabrda geçirilen Hökümetiň göçme mejlisinde«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygynyň orunbasary G.Çaryýew döwlet Baştutanyna Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde ekologik taýdan arassa elektroulaglary ulanmak we olary ýurdumyza getirmek baradaky tabşyrygyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, dünýäniň elektrobuslary, elektromobilleri we olara degişli enjamlary öndürýän kompaniýalarynyň täjirçilik teklipleri, bu ulaglaryň tehniki häsiýetnamalary hem-de olaryň deslapky zerur sany öwrenildi we häzirki wagtda olary satyn almak, ýurdumyza getirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ähli amatlyklary bolan döwrebap awtotoplumy hem-de elektrik tok beriji beketleri gurmak göz öňünde tutulýar.

Täze jemgyýetçilik ulaglarynda ýolagçylardan gelýän buýurmalar we tölegler ornaşdyrylan enjamlar arkaly sanly ulgamyň üsti bilen kabul ediler. Ulaglaryň ýol hatlary hem sanly ulgam arkaly ulanylar, olaryň hereketlerine sanly ulgam arkaly gözegçilik ediler. Mundan başga-da, ulanyljak elektrobuslarda ornaşdyrylan enjamyň mümkinçiliklerini peýdalanyp, şol ulaglaryň ugurlarynyň ýol çyzgylary, ugurlarynyň ady we belgisi, olaryň duralga gelmeli wagty baradaky maglumatlary öz içine alýan ýörite ykjam mobil programma üpjünçiligini döretmek meýilleşdirilýär.

«Türkmenistan» gazeti Arkadag şäherinde «Ýutong» kysymly elektrobuslaryň we «Jac E-J7» kysymly ýeňil elektromobilleriň hyzmatyndan peýdalanyljakdygyny habar berdi.