«Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti indi ýigrimi ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny mobil aragatnaşyk we internet hyzmatlary bilen üpjün edip gelýär. Bu kompaniýa 2004-nji ýylda döredildi.
«Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň tutuş ýurt boýunça mobil aragatnaşygyň dürli ugurlarynda 4 müňden gowrak iberiş we kabul ediş bekedi bar.
Jemgyýetiň hünärmenleri Türkmenistanyň öýjükli aragatnaşyk ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, ilata döwrebap, kämil hyzmatlary hödürlemegiň we täze taslamalaryň üstünde işleýärler.
Häzirki wagtda dünýäniň iň uly şereketleri bilen öýjükli aragatnaşyk enjamlaryny satyn almak we täze hyzmatlary ornaşdyrmak boýunça şertnamalar baglaşyldy.
Enjamlar ýurduň çägine getirildi, iň täze dünýä ülňülerine laýyklykda öndürilen enjamlary oturtmak we işe girizmek hünärmenler tarapyndan tutuş ýurt boýunça amala aşyrylýar.
Bu işleriň durmuşa geçirilmegi bilen «Altyn asyr» ÝGPJ öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň tehniki we maglumat binýady doly kämilleşdiriler.