Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen Ýewropa bazaryna çykýar

Özbegistan Orta üstaşyr geçelgesi (Hazar deňziniň üsti bilen halkara ulag ugry) arkaly Ýewropa ilkinji ýükli konteýnerlerini ugratdy. Bu barada duşenbe güni Podborno.uz saýty habar berdi.

«16-njy dekabrda bloklanan ilkinji konteýner otlusy Almalyk magdan we metallurgiýa zawodyndan Burgas (Bolgariýa) portuna ugradyldy. Bu ýük otlusy 46 wagondan we her birine mis konsentraty ýüklenene 20 futluk konteýnerleriň 91-sinden Konteýner otlusy Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Bolgarianyň üsti bilen Ýewropa döwletlerine aralaşar» diýip, Özbegistan Respublikasynyň ulgamynyň wekilleri habar berýärler.

«Bir guşak, bir ýol» ýörelgesiniň çäginde işlenip düzülýän Hytaýdan Ýewropa barýan Transhazar halkara ulag ýolunyň ýa-da Orta geçelgesiniň ähmiýeti barha artýar.

Şeýlelik bilen, ýylyň başyndan bäri bu geçelge arkaly hereket edýän ulaglaryň mukdary ep-esli artdy. Azerbaýjan demir ýollarynyň habaryna görä, 2022-nji ýylyň ýanwar ― mart aýlarynda 266,3 müň tonna ýük daşaldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 123 göterim köpdür.

Täze mümkinçilikler Hytaýy hem içgin gyzyklandyrýar, sebäbi bu geçelgäniň kömegi bilen harytlar Sues kanalyna garanyňda has amatly we gysga ýol arkaly barmaly ýerine eltilýär. Eger Hytaý diňe deňiz ýoly bilen Ýewropa bazaryna haryt aşyrjak bolsa, munuň üçin 30 ― 40 gün sarp etmeli bolýar. Orta geçelge üçin bolsa bary-ýogy 15 ― 25 sarp edilýär.