16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň barşynda wise-premýerleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň hasabatlary diňlenildi. Gün tertibine şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri girizildi. Şeýle hem ýolbaşçy düzümler şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.
Onda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän edaralary boýunça şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 115,1 göterime deň bolandygy aýdyldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary bilen ýük daşamagyň meýilnamasy 112,2 göterim we ýolagçy gatnawlary boýunça meýilnama 104,7 göterim ýerine ýetirilendigi bellenildi.
Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 105,2 göterim, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 129,8 göterim, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 109,3 göterim, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça bolsa 107,7 göterime deň bolandygy habar berildi.
Hasabatyň dowamynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda geçirilen çäreler barada hem maglumat berildi.
Şeýle-de elektron enjamlar bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançalarynyň, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde angarlar toplumynyň, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde welaýat boýunça ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara binasynyň, Türkmenbaşy şäherinde toplumyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesinde demir ýol köprüsiniň gurluşyk işleriniň alnyp barylyşyna üns çekildi.
Logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň birnäçesi bilen üstaşyr ulag hem-de logistika meseleleri boýunça iş toparlary döredilendigi, olaryň çäklerinde duşuşyklar geçirilendigi barada hem habar berildi.
Ýylyň başyndan bäri Aşgabatda «Halkara üstaşyr ulag geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahat, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolsa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesinde halkara maslahat geçirilendigi bellendi. Forumlara daşary döwletleriň, şeýle hem halkara guramalaryň we ýöriteleşdirilen düzümleriň wekilleri gatnaşdylar diýip, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew öz hasabatynda belledi.