Awaza sammitinde 5 resminama gol çekildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammiti geçirildi.

Sammitiň jemleri boýunça üç ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitiniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi hem-de bäş sany resminama gol çekildi. Bu barada TDH habar berýär.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk; 2023-2025-nji ýyllar üçin ylym, bilim we medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Çarçuwaly maksatnama; Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki Konsultatiw topary döretmek barada Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Energetika babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ulaglar babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.