Üç döwletiň arasynda ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi

Şu gün — 14-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitiniň barşynda doganlyk döwletleriň Hökümetleriniň we degişli düzümleriniň arasynda möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe resminama gol çekildi.

Gol çekmek dabarasynda, ilki bilen, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitiniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda:

Ulaglar babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga;

2023 — 2025-nji ýyllar üçin ylym, bilim we medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Çarçuwaly maksatnama;

Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki Konsultatiw topary döretmek barada Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Energetika babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda Özara üşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.