Ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça türkmen-gyrgyz gepleşikleri geçirildi

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy Annadurdy Kösäýew ýakynda Gyrgyzystanyň ulag we aragatnaşyk ministri Tilek Tekebaýew bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada «Trend» gyrgyz döwletiniň degişli ministrligine salgylanyp habar berdi.

Duşuşykda taraplar üstaşyr ýük we ulag geçelgeleriniň işini mundan beýläk hem ösdürmek, täze logistika zynjyrlaryny döretmek ýaly meýilleriniň bardygyny mälim etdiler.

Çeşme ýakyn geljekde Gyrgyzystanyň ýükleriniň Türkmenistan ― Özbegistan serhedine getirilip, bu ýerden hem Türkmenbaşy halkara deňiz portuna äkidiljekdigi barada ýazýar. Şeýlelikde, Türkmenistan Gyrgyzystandan gelýän ýükleriň Eýrana, Türkiýä we Ýewropa Bileleşigine agza döwletlere eksport edilmegine araçy bolar.