Amerikanyň «Global Petrol Prices» analitik neşiriniň getirip çykarýan maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynyň ýagdaýyna laýyklykda Türkmenistan dünýä ýüzünde 95 oktan belgili benziniň bahasynyň arzanlygy boýunça 7-nji orunda durýar. Bu statistik sanawda ýurtda benziniň bahasynyň 0,433 ABŞ dollaryna barabardygy aýdylýar.
Bu sanawy hasaba almazdan, häzirki wagtda Türkmenistan GDA ýurtlarynyň hatarynda benziniň bahasy iň arzan ýurt hasap edilýär. Bu babatda deňeşdirme hökmünde sebitde benziniň iň gymmat hasaplanylýan ýeri bolan Gonkongy mysal getirmek bolar (Hytaýyň ýörite administratiw etraby). Bu ýerde benziniň bir litriniň bahasy 2,969 ABŞ dollaryna deňdir. Merkezi Afrika Respublikasynda benziniň litri 2,405 ABŞ dollaryna, Islandiýada bolsa 2,252 ABŞ dollaryna durýar.
Ýer ýüzünde benzin ýangyjynyň bir litriniň ortaça bahasy — 1,30 ABŞ dollaryna deň bolup durýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, bu ýangyjyň dünýä ýurtlarynda iň arzan ýeri bolsa Wenesuela bolup, bu ýerde benzin 0,016 ABŞ dollaryndan satylýar. Benzin ýangyjynyň iň arzan ýurtlarynyň ilkinji üçlügine Liwiýa ($ 0,031) we Eýran Yslam Respublikasy (0,053 $) girýär