«Huseýn Jawid» ýük gämisi Azerbaýjandan Türkmenistana ýüzüşe ugradyldy

Degişli bejeriş işleri tamamlanyp, gämi barlaglaryndan üstünlikli geçirilen «Huseýn Jawid» ýük gämisi gaýtadan işe girizildi hem-de Türkmenistana tarap ýüzüşe ugradyldy. Azerbaýjan Respublikasynyň deňiz ulaglary flotuna degişli bolan ýük gämisiniň hereketlendirijilerini, mehanizmlerini abatlamak işleriniň «Zyh» gämi abatlaýyş kärhanasynda geçirilendigi barada ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.

Ýük gämisinde gurnama, radionawigasiýa we kebşirlemek işleri geçirildi. Onuň suwasty we ýerüsti bölekleri abraziw gum bilen doly arassalanyp boýaldy, şunuň bilen birlikde hem ýaşaýyş we hyzmat ediş otaglary döwrebap ülňülerine kybap derejede gurnaldy.

Ýeri gelende bellesek, ýük gämisiniň uzynlygy 108,33 metre, ini bolsa 16,74 metre barabardyr. Gäminiň göterijilik ukyby bolsa 5200 tonnadyr.