Ulag boýunça bilelikdäki topar dörediler

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ulag boýunça bilelikdäki topar dörediler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň baş direktory M.Çakyýew golaýda geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Onda ulag, üstaşyr we logistika boýunça türkmen-russiýa bilelikdäki topary döretmek, onuň türkmen bölegini guramak baradaky meýilnamalar dogrusynda giňişleýin beýan edildi.

Iki Hökümetiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde bu toparyň döredilmegi şu  ýylyň iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Transport ministrliginiň arasynda ulag we tranzit ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kabul edilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamada meýilleşdirilendir.

Bu ädim ýük gatnawlarynyň möçberini köpeltmek, logistika baglanyşyklaryny ösdürmek we «Demirgazyk – Günorta» geçelgesiniň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak ýaly wezipelerden hem gelip çykýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň we tutuş sebitiň ulag ulgamlaryny birleşdirýän ugurlaryň strategiki ähmiýetine ünsi çekip, üstaşyr gatnawy köpeltmek üçin bilelikdäki hereketleriň möhümdigini aýtdy.