Türkmenistan Koreýa Respublikasyndan ýolagçy awtoulaglaryny satyn alma möçberini artdyrar

Ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna amala aşyran iş sapary döwründe koreý awtomobil tehnikasyny satyn alma möçberini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny belledi. Şeýle-de:

— Awtoulag ulgamynda örän netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Häzire çenli Koreýa Respublikasyndan Türkmenistana 2 müňe golaý ýeňil awtoulag we ýolagçy awtobuslary iberildi — diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Mundan başga-da, saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn bähbitli birnäçe işewür düzümler bilen duşuşyklar boldy. Şolaryň netijesinde, koreý awtoulaglarynyň uly tapgyrynyň ýakyn geljekde satyn alynmagyna garaşylýar.