Pekinde ulag-logistika ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

19-njy martda Pekiniň ulaglar uniwersitetiniň maslahatlar zalynda Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşinde gaýtadan dikeltmek jähtinden ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine bagyşlanan türkmen-hytaý «tegelek stoly» geçirildi. 

Duşuşyk 2018-nji ýylyň «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygaryna bagyşlandy. Çäräni Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasy, Pekiniň ulaglar uniwersitetiniň rektoraty hem-de Hytaýyň ýollary we köprüleri gurmak boýunça kompaniýasy gurnady. 

«Tegelek stol» Pekinde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň işgärlerini, ulag-logistika kompaniýalarynyň bilermenlerini, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini, Pekiniň ulaglar uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzümini we talyplaryny birleşdirdi. 

Duşuşykda Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek jähtinden türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň giň meselelerine garaldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň durnukly ösüşi üpjün etmäge we sebit goşulyşmasyna, energiýa serişdelerini howpsuz üstaşyr geçirmäge, ulag-aragatnaşyk düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna üns çekildi. Şeýle hem «Ýüpek ýolunyň ykdysady guşagy» atly hytaý konsepsiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Ulaglar uniwersitetiniň rektory, Hyatýyň inženerçilik akademiýasynyň akademigi Nin Bin «tegelek stoly» açyp, çäräniň tematikasy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge taraplaryň çemeleşmeleriniň meňzeşligini görkezýär diýdi. Şu jähtden iki ýurduň ulag ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň maksadalaýyklygy beýan edildi, ol türkmen we hytaý hünärmenlerine hem-de alymlaryna bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge kömek eder. 

Türkmenistanyň HHR-daky ilçisi Çynar Rüstemowa Türkmenistanyň logistika düzüminiň ösüşiniň häzirki tapgyrynyň aýratynlyklary we Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini gazanmakda onuň ähmiýeti barada jikme-jik gürrüň berdi. 

Hytaý Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşydyr. Häzirki wagtda telekeçilik we söwda, ÝET, ulag we aragatnaşyk, oba hojalyk ulgamy, himiýa we dokma senagaty, ynsanperwer ulgamy ýaly ugurlarda hem ikitaraplaýyn gatnaşyklar netijeli ösdürilýär. Ilçi biziň ýurdumyzda hytaý maýa goýumynyň gatnaşmagynda 45-den gowrak kärhananyň işleýändigini nygtady. 

Halkara bilimi we alyşlary boýunça merkeziň başlygy Lýu Ýansin ýokary tehnologiýalar we ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliginiň uludygyny belledi. 

«Hytaý demir ýollary» korporasiýasynyň baş direktorynyň orunbasary Lýu Szinbonuň we Döwlet tehniki bilimi we demir ýol ulaglaryna hyzmat etmek boýunça merkeziniň baştutany Çžu Sýaoiniň çykyşlarynda özara peýdaly gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljegine garaýyş beýan edildi. 

Ýurdumyzyň Ilçihanasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň söwda wekili Ş. Batyrow öz çykyşynda tegelek stola gatnaşyjylara energetika ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy barada habar berip, şunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygyny kemala getirmek boýunça halkara başlangyçlarynyň oňyn häsiýetini belledi. 

Türkmenistanyň üstaşyr-ulag mümkinçiligi, Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde gaýtadan dikeltmek jähtinden taslamalar bilen tanyşdyrylyş uly gyzyklanma döretdi. Ýygnananlar häzirki döwrüň goşulýşma işlerinde Türkmenistanyň barha artýan ähmiýetini bellediler. 

Tegelek stoluň ahyrynda oňa gatnaşanlar köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de ulag-logistika we bilim ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.