5-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki tarapyň wekilleri gatnaşyp, işewürligiň sazlaşykly ýola goýulmagy bilen bagly meselelere seredildi.
Bu çäre hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty bilen baglylykda, türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagyna uly itergi berdi. Maslahatda myhmanlar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň örän uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.
Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň alyp barýan işi uzak möhletleýin hem-de özara bähbitlilik esasynda ýola goýulandyr. Häzirki wagta çenli iki ýurduň döwlet we hususy toparlarynyň arasynda ençeme ugurlarda ýakyn gatnaşyklar saklanyp gelinýär. Senagat ulgamynda, oba hojalygynda, milli obasenagat we suw hojalygy üçin tehnikalary ibermekde, söwda-maýa goýum işleriniň hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, şeýle-de, ýangyç-energetika toplumyny, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, innowasion tehnologiýalar, saglygy goraýyş, ekologiýa ulgamlarynda tejribe alyşmakda uly öňegidişlik gazanyldy.
Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylmagy, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda haryt dolanyşygy giňelmäge ýardam berdi. Myhmanlar sebitde Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgelere mümkinçiliginiň baýdygyny aýratyn bellediler.
Şeýle hem forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we hususy kärhanalarynyň wekilleriniň ABŞ-nyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi. Olarda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine kepil geçýän resminamalara gol çekildi.
Maglumat hökmünde bellesek, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri bilelikde işlemegiň baý tejribesi toplandy. Biziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň strategik taýdan ähmiýetli ugurlarynda «John Deere», «Case», «General Electric», «Boeing»... ýaly kompaniýalar üstünlikli işleýärler.