Azerbaýjan Türkmenistanyň üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerine ýardam berýär

Azerbaýjanyň Alýat deňiz portunda Türkmenistandan we onuň deňiz portundan iberilýän ýükler üçin aýratyn ýer bölünip berildi. Bu barada ýurduň Prezidenti Ilham Aliýew«Ählumumy merkezi geçelge: howpsuzlyk we ykdysadyýet» atly halkara maslahatdaky çykyşynda belledi diýip «Azertaj» habar berýär.

Neşiriň ýazyşy ýaly, uglewodorod ulag ýollary Hazar sebitiniň ähli ýurtlarynyň has-da ýakynlaşmagyna we strategik hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berer. 

Azerbaýjan Lideri öz çykyşynda häzirki hereket edýän uglewodorod ulag-aragatnaşyk ýollarynyň Hazar sebitiniň ähli ýurtlaryny jebisleşdirjekdigine ynam bildirdi. Bu babatda Azerbaýjanyň Türkmenistan bilen ýola goýan hyzmatdaşlygynyň uzyn taryhy bar. 

Häzirki wagtda Azerbaýjan Türkmenistandan harytlaryň üstaşyr geçmegi üçin möhüm mümkinçilikleri döredýär. Alýat deňiz portunda Türkmenistandan we onuň deňiz porty arkaly iberilýän harytlar üçin aýratyn ýer bölünip berildi.

Hazar deňziniň Azerbaýjan portunda deňizýaka ýurtlaryň ählisi üçin aýratyn bölümleri döretmek meýilleşdirilýär. Ol bölümlerde ýurtlaryň öz harytlaryny saklamagy we üstaşyr eksport etmegi üçin mümkinçilikler dörediler.