Türkmenistan ýükleri öz üstünden geçirmek mümkinçiligini giňeltdi

Türkmenistan halkara derejesinde ýük daşamak üçin açyk barlag nokatlarynyň sanawyny giňeltdi. Indi özbek ýük awtoulaglary Özbegistan bilen Türkmenistanyň serhedinden üç barlag nokadyndan we Türkmenistan bilen Eýranyň serhedinde bolsa azyndan iki barlag nokadyndan geçip biler. Şeýle hem serhet nokatlarynyň sanawynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem bar. Şeýlelikde, Özbegistan Türkmenistanyň hödürleýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Azerbaýjana, soňra bolsa Gruziýa we Ermenistana we tersine ýük daşamalaryny amala aşyryp biler.

«EastFruit» 2022-nji ýylyň iýun aýynyň başynda Türkmenistanyň Özbegistandan Eýrana we tersine üstaşyr ýük daşamagyna rugsat berendigini, şol bir wagtyň özünde harytlaryň bu döwletiň çäginden geçmegi üçin birnäçe talaplary kesgitledi. 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, daşary ýurt döwletleriniň ulaglaryna Özbegistan serhedindäki Alat ― Farap barlag nokadyndan Türkmenistan bilen Eýran bilen serhetdäki Sarahs ― Sarahas nokadyna harytlary Türkmenistanyň üsti bilen geçirmäge rugsat berildi.

2022-nji ýylyň iýun aýynyň ahyrynda Özbegistandan Eýrana üstaşyr ýükleri daşamaga mümkinçilik berýän, Türkmenistan ― Eýran serhedindäki Artyk ― Lutfabad nokady hem açdy. Türkmenistanyň Hökümetiniň indiki ädimi üstaşyr ýükleriň mukdaryny ep-esli ýokarlandyrar. 2022-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Özbegistanyň Ulag ministrligi Türkmenistanyň halkara ýük daşamak üçin açyk barlag nokatlarynyň sanawyny giňeldendigini habar berdi. Indi özbek ýük awtoulaglary Özbegistan bilen Türkmenistanyň araçäginden üç barlag nokady arkaly geçip biler. Olar Alat ― Farap, Şawat ― Daşoguz, Hojeýli-Köneürgenç nokatlarydyr. Türkmenistan ― Eýran serhedinde bolsa Sarahs ― Sarahas we Artyk ― Lutfabad nokatlary hyzmat edýär.

Ýokarda ýazyşymyz ýaly, Özbegistan ýükleri daşamak boýunça Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden hem peýdalanyp biler.