Ýakyn geljekde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki sammitiniň geçirilmegine garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Beýik Millet mejlisiniň başlygy Mustapa Şentop bilen Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň çäginde aýtdy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýdyşy ýaly, üç döwletiň daşary işler, ulag we energetika ministrleri şu günler bu sammitde serediljek meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu sammiti ýokary derejede geçirmäge taýýardygyny aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, häzirki wagtda üçtaraplaýyn sammite taýýarlyk görmegiň çäginde ýokary derejeli ýygnakda gol çekilmeli resminamalaryň üstünde işler alnyp barylýar.
Öňräk türkmen metbugatynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Türkmenistan bilen ýangyç we energetika baradaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi isleýändigi habar berildi. Bu taslama Azerbaýjan hem gatnaşar.