«Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenbaşy ― Gyzylsuw aralygynda gatnaýan ýolagçy gämileri üçin petekleriň onlaýn satuwyny ýola goýdy. Ýolagçylar petekleri ÝGPJ-niň resmi saýtyndan alyp bilerler.
Bu aralykda asuda bolan günlerinde her gün sagat 11-de «Çarlak» we «Rowaç» gämileriniň Türkmenbaşy şäherinden ýola düşýändigini ýatladýarys.
Gyzylsuw adasyndaky deňiz menziliniň durky 2015-nji ýylda doly täzelendi. Bu ýerde ýolagçy gämileri üçin uzynlygy 51 metre ýetýän duralga bar.
Türkmenistanyň «Deňiz söwda flotunyň» 2010-njy ýylda döredilendigini ýatladýarys. Ol häzirki adyna 2015-nji ýylda eýe boldy. 2019-njy ýylda bolsa «Deňiz söwda flotuna» «Milli deňiz gatnadyjysy» derejesi berildi.