Matwiýenko türkmen kärdeşinden tumar sowgat aldy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow russiýaly kärdeşi Walentina Matwiýenko türkmen zenanlarynyň däp bolan şaý-sepleriniň birini — tumary sowgat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi. 

Bu ýakymly waka Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Moskwa şäherine amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde bolup geçdi. 

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygynyň barşynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy ýadygärlik sowgatlaryny alyşdylar.

Bellenilişi ýaly, bezegden başga-da, tumar gözden-dilden goramak wezipesini hem ýerine ýetirýär. Ol tumary dakynanlara rowaçlyk getirýär. Şaý-sepleriň bu görnüşi türkmen zergärleri tarapyndan altyn çaýylan kümüşden taýýarlanylýar hem-de hakyk we pöwrize daşy bilen bezelýär.

Russiýa Federasiýasynyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy ajaýyp sowgat üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa şekillendiriş sungatynyň eserini — Russiýada güýz paslyny, ýylyň şu döwründe rus tebigatynyň özgerişini alamatlandyrýan täsin suraty sowgat berdi.