«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Russiýanyň «RŽD Logistika» we Gazagystanyň «KTZ Express» kompaniýalary tarapyndan bilelikdäki demir ýol hyzmatyny ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekildi.
Oktýabr aýynda «RŽD Logistikanyň» «Demirgazyk ― Günorta» ulag geçelgesi boýunça Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana ýükleri daşap başlandygyny ýatladýarys. Täze ugur boýunça gatnaw indi her aýda dowam etdiriler.
Resminama üç taraplaýyn we üstaşyr gatnawda harytlaryň yzygiderli daşalmagyny, halkara import we eksport ýük gatnawynyň mukdaryny artdyrmagy, Demirgazyk ― Günorta demir ýol geçelgesiniň mümkinçiligini durmuşa geçirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi, şeýle hem ulag we logistika infrastrukturasyny bilelikde peýdalanmagy göz öňünde tutýar.
Ylalaşyga görä, taraplar ýurtlaryň arasynda täze yzygiderli otlylary ýola goýmagy, şol sanda oba hojalyk we azyk önümleriniň iberiliş möhletiniň gysgalmagy bilen demir ýol ugurlaryny ösdürmegi maksat edinýärler. Ähtnamanyň çäginde olar Demirgazyk ― Günorta demir ýol geçelgesiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin tehnologiki täzelikleri we bilelikdäki çözgütleri hödürlärler.