«RŽD Logistika» kompaniýasy Türkmenistanyň üsti bilen «Demirgazyk — Günorta» gury ýer geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça ilkinji konteýnerlerini daşap başlady. Bu doly düzümli konteýner Russiýadan Eýrana aşyrylar. Täzelik kompaniýanyň Telegramdaky resmi kanaly arkaly mälim edildi.
Russiýa Federasiýasynyň Moskwa sebitindäki Çehow demir ýol menzilinden ýola düşen otly Gazagystanyň üsti bilen Türkmenistana geçer. Ahal welaýatyndaky Sarahs stansiýasynda konteýnerler 1520 millimetr rels ölçeginden 1435 millimetrlik ölçege ýüklener.
Soňra ýük Eýranyň çäginden Bandar-Abbas portuna, soňra bolsa deňiz arkaly barmaly ýerlerine iberiler.
Birinji tapgyrda otly täze ugur boýunça aýda bir gezek gatnar. Otly yzyna gaýdanda Russiýa haryt getirer. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin esasy hereketlendiriji, ähli marşrut gatnaşyjylary üçin deňagramly nyrh syýasaty bolar.