Türkmenistan bilen Rumyniýa «Hazar deňzi ― Gara deňiz» taslamasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda

Rumyniýanyň Transport we infrastruktura ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Annaýew «Hazar deňzi ― Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag ýoly boýunça iş toparynyň utgaşdyrjysy Adrian Jorj Fogiş bilen duşuşdy.

Duşuşyga Rumyniýanyň transport we infrastruktura ministriniň orunbasary Konstantin Gabriel Bunduk hem gatnaşdy. Bu barada ilçihananyň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň gün tertibinde ulag we aragatnaşyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk, şol sanda «Hazar deňzi ― Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek boýunça hökümetara şertnamanyň taslamasyny taýýarlamak ýaly meseleler alnyp maslahatlaşyldy.

Bu geçelgäniň döredilmegi 2018-nji ýylyň iýul aýynyň ahyrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen ulag meseleleri boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň ýygnagynda yglan edildi. Täze halkara ulag geçelgesi Hazar we Gara deňizlerini Azerbaýjanyň we Gruziyanyň üsti bilen birleşdirmeli. Şol bir wagtyň özünde geçelgäniň başlangyç nokady Türkmenistan, iň soňky nokady Rumyniýa bolar. Geçelgäniň möhüm nokatlary Rumyniýanyň Gara deňizde ýerleşýän Konstanta porty we Türkmenbaşy portudyr.

Duşuşykda taraplar ulag we üstaşyr geçiriş pudagyndaky hyzmatdaşlyk we «Hazar deňzi ― Gara deňiz» halkara ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini iň ýokary derejede peýdalanmak barada pikir alyşdylar.