Russiýanyň demirýollary (RŽD) AGPJ-niň Baş direktory Oleg Belozerow Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rus toparynyň başlygy Raşid Meredow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew we «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy Azat Atamyradow bilen gepleşikleri geçirdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýollaryndan, soňra bolsa deňziň ugry boýunça Pars aýlagynyň we Günorta Aziýanyň ýurtlaryna uzap gidýän Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça ulag ulgamyny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
RŽD-niň iýul aýynda Demirgazyk-Günorta geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly Russiýadan Hindistana konteýner otlularyny daşap başladygyny aýratyn nygtamak gerek.
Koks, metallurgiýa önümlerini we başga-da birnäçe harytlary Türkmenistanyň we Eýranyň üsti bilen Birleşen Arap Emirliklerine, Türkiýä we käbir beýleki ýurtlara daşamak göz öňünde tutulýar
Deslapky çaklamalara görä, 2025-nji ýyla çenli Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Russiýadan eksporta iberilýän önümleriň umumy mukdary ýylda 5 million tonnadan gowrak bolup biler.
Taraplar Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesinde gatnawlaryň mukdaryny artdyrmak arkaly, Türkmenistanda infrastruktura taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmegiň mümkinçiligine seredýärler.
2022-nji ýylyň sentýabr ― oktýabr aýlarynda russiýaly demirýolçular türkmen kärdeşlerine IT-konsalting we awtomatlaşdyryş-sanlaşdyrma ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalary görkezdiler.
Ýakyn geljekde Türkmenistanda demir ýol hyzmatlarynyň sanly mümkinçiliklerini giňeltmek, adam resurslaryny ösdürmek boýunça teklipleri taýýarlamak üçin bilelikdäki işiň alnyp barylmagyna hem garaşylýar.
Şu ýylyň 5-6-njy oktýabrynda Moskwada geçirilen II Hazar ykdysady forumynyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň premýer-ministri Mihail Mişustiniň Hazar sebitiniň Ýewraziýanyň iň uly yklymara ulag merkezleriniň birine öwrülmelidigini aýtdy.