Türkmenistan Hytaýdan Türkiýä çenli uzajak täze ýük geçiriş taslamasynyň merkezinde bolar. Bu barada logistika boýunça geçirilen ýörite maslahatdan soň habar berildi ― diýip, «MIR 24» ýazýar.
Çeşmäniň beýan edişi ýaly, bu ugur Hytaýyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň üstünden geçer.
Bu ugur multimodal dälizi ýadyňa salýar. Ýük daşamak üçin otlulardan başlap, ulaglara, gämilere çenli peýdalanylar. Harytlaryň sazlaşykly akymyny üpjün etmek üçin eýýäm täze infrastruktura gurulýar. Täjik çeşmeleri bu ugur üçin ýurduň günortasynda ýörite demir ýol menziliniň açylandygyny habar berdi.
Çeşme biri-birine goňşy döwletleriň bu täze taslama arkaly has uzak döwletlere çykmak mümkinçiligini artdyrjakdygyny ýazýar. Ýazylyşy ýaly, täze taslama Beýik Ýüpek ýoluny yzarlaýar.
Maslahata gatnaşyjylar global logistika kompaniýalarynyň tejribesi we infrastrukturany sanlaşdyrmak meýilnamasy barada-da pikir alyşdylar. Bu ulag aragatnaşygyny çaltlaşdyrar.
Russiýanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini Prezident Wladimir Putin ýakynda Astana şäherinde geçirilen sammitde aýdylýar.