Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanda resmi saparda bolar

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 20-21-nji oktýabrda Türkmenistanda resmi saparda bolar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 16-njy oktýabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow goňşy döwletiň Baştutanynyň resmi saparyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu baradaky habar TDH-niň resmi saýtynda çap edildi.

Özbek tarapy bilen bilelikde, saparyň maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Onuň barşynda ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, iki doganlyk halkyň taryhy gatnaşyklaryna hem-de ruhy-medeni gymmatlyklarynyň umumylygyna daýanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň hemişe dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi saparynyň hem-de onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýokary derejedäki nobatdaky gepleşikleriň möhümdigini, olaryň strategik häsiýete eýe bolan özara bähbitli türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi bermäge gönükdirilendigini belledi.

Ýeri gelende bellesek, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana amala aşyrjak resmi saparynyň çäklerinde, iki ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda, Aşgabatda «Daşkent» seýilgähiniň hem dabaraly açylyşyna garaşylýar.