Eýran sebite 50 million tonnalyk üstaşyr ýük gatnawlaryny çeker

Geçen 6 aýyň dowamynda Russiýanyň demirgazyk-gündogaryndan ugrap, Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň çäginden geçen bäş sany tranzit ýük otlulary 4000 kilometr geçip, Sarahs serhet geçelgesi arkaly Eýranyň çägine girdi. Ýük otlulary Demirgazyk — Gündogar ulag geçelgesi boýunça hereket etmek bilen, Eýranyň çäginde 1600 km ýol geçýärler we Bender Abbasyň Şahid Rajaýi portuna tarap ugur alýarlar.

12 000 kilometrlik demir ýol tory hem-de 50 000 kilometrden gowrak awtomobil ýollary bolan Eýran sebitde ýokary tranzit ýük gatnaw mümkinçiligine we bu ugurdaky zerur infrastruktura eýedir.

Eýran Yslam Respublikasynyň Ulag ministriniň orunbasary Şahriýar Afandizadeniň belleýşi ýaly, Russiýa häzirki wagtda dürli ugurlara 200 million tonna ýük eksport edýär we Eýran hem ýük tranzitinde onuň ep-eslisini (2023-nji ýyl üçin kesgitlemek bilen 10 million tonna) öz paýyna alyp biler.

Geçen hepdede, has takygy 8-9-njy oktýabr aralygynda Tähran şäherinde Özbegistan, Türkmenistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Russiýa, Azerbaýjan hem-de EYR ýaly sekiz döwletiň gatnaşmagynda tranzit hyzmatdaşlygy boýunça ilkinji ministrler sammiti geçirildi. Bu köptaraplaýyn sammitiň jemlerinde Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan döwletleriniň arasynda tranzit ýük gatnawyny kuwwatlandyrmak barada bilelikdäki Beýannama gol çekildi.

Häzirki wagtda sebit derejesinde 2023-nji ýylda bu ýurtlaryň arasynda 20 million tonna üstaşyr ýük daşamalaryny üpjün etjek sebitleýin konwergensiýa we ulag synergiýasy ýaly tendensiýa bar. Bu maksadyň bolsa ýakyn wagtda 50 million tonna ýetmegine garaşylýar.

Üstaşyr ýük gatnawlary ýurt üçin ägirt uly peýda getirip, ýokary syýasy durnuklylygy we howpsuzlygynyň ýokary derejededigi sebäpli möhüm meseledir. Munuň şeýledigine awtoulaglar arkaly üstaşyr gatnawlarynyň 180% ýokarlanmagy we soňky alty aýda demir ýol üstaşyr ýük gatnawynyň 300% artmagy hem aýdyň görkezýär.