Türkmenistan Russiýadan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindistanyň deňiz portlaryna çenli bolan ulag geçelgesini işjeňleşdirmäge taýýardygyny beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Russiýa» birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.
«Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak babatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň öňünde açylýan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmaga tagallalary gönükdirmegi zerur hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýadan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindi ummanyndaky deňiz menzillerine çenli Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň işini işjeňleşdirmek meselesine garamak zerurdyr» – diýip, döwlet Baştutanymyz belläp geçdi.
Şonuň bilen birlikde hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň öz çäginden Pars aýlagyna, Eýranyň portlaryna, şol ýerden Hindistana gysga ýoly üpjün edýän ýurt hökmünde bu taslamany durmuşa geçirmäge girişmäge taýýardygyny tassyklady.
Ykdysady ulgamdaky gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze nusgasyny işläp taýýarlamagyň, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň, energetikada, senagatda, ulag-logistika ulgamynda, obasenagat toplumynda we beýleki ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň zerurdygy bellenildi. Köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, strategik hyzmatdaşlygy saklamak we hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak üçin bilelikdäki tagallalaryň wajypdygy nygtaldy.