Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 10-njy oktýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ulag-aragatnaşyk toplumynyň şu ýylyň üç çärýeginde alyp baran işleriniň netijelerine garaldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi.
Degişli döwürde toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 112,8 göterime barabar boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 110,1 göterim, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi.
Dokuz aýyň dowamynda “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 106,7 göterim, “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan 131,1 göterim, “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan 147,5 göterim, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan 107,2 göterim, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan bolsa 107,5 göterim boldy.
Hasabatda “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda dürli görnüşli sanly hyzmatlaryň 360-dan gowragynyň ýerleşdirilendigi bellenildi. Şeýle hem «Bir penjire» ulgamynda 14 müňden gowrak şahsy otaglar döredildi.
Welaýat merkezlerinde döwrebap awtomenziller açylyp ulanylmaga berildi. Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň, Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezinde ulag we kommunikasiýa toplumynyň täze edarasynyň, Serhetabat-Turgundy demir ýol geçelgesinde demir ýol köprüsiniň gurluşygy ýokary derejede dowam etdirilýär.
Ýörite tabşyryga laýyklykda, döwletara ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meselelerini üstünlikli çözmek maksady bilen, türkmen-azerbaýjan, türkmen-özbek, türkmen-gazak bilelikdäki işçi toparlary döredildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «TürkmenÄlem520E» atly ilkinji emeli hemramyzyň doly güýjünde peýdalanylmagyna aýratyn ünsi çekdi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny we «Balkan» gämi gurluşyk-abatlaýyş zawodyny taslama kuwwatyna çykarmagyň wajypdygy hem bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşça ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy, Şeýle hem bu ulgamda hyzmatlaryň ýokary hilli we howpsuz ýerine ýetirilmegini gazanmagy, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy görkezme berdi.