Türkmenistan ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär

II Hazar ykdysady forumynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H. Geldimyradow tarapyndan Hazarýaka döwletleriniň ulag-aragatnaşyk ulgamynda päsgelçilikleri ýüze çykarmak işlerini işjeňleşdirmek we olary aradan aýyrmak, şeýle hem täze ulag-logistika geçelgelerini döretmek boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek barada teklip öňe sürüldi. 

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, Türkmenistan ulag ulgamyna milli ykdysadyýetiň işjeň ösýän we geljegi uly bolan ugry hökmünde garaýar.

«Häzirki wagtda biziň ýurdumyz Demirgazyk-Günorta we Günbatar-Gündogar ugurlary boýunça ulag-tranzit geçelgelerinini durmuşa geçirýär.

Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe,  Özbegistan – Türkmenistan – Oman – Katar we TRASEKA ýaly halkara ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşýar. Mundan başga-da Amyderýanyň üstünden awtomobil we demir ýol köprüsiniň, Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Türkmenabatda we Kerkide halkara aeroportlaryň, şeýle hem Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň gurluşygynyň taslamalary durmuşa geçirildi», - diýip, H. Geldimyradow belledi. 

Aragatnaşyk ulgamynyň mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen köptaraplaýyn ulag hyzmatdaşlygyny we täze ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek teklip edildi.