Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwadaky II Hazar ykdysady forumyna gatnaşýar

Şu gün Moskwadaky  «Skolkowo» tehnoparkynda II Hazar ykdysady forumy öz işine başlady. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. 

Hazar ykdysady forumy kenarýaka döwletleriň we olaryň serhetdeşleriniň hyzmatdaşlygynyň işjeň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin iri meýdançadyr. 

Foruma «hazar bäşligine» girýän döwletleriň - Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň resmi wekiliýeti, rus hökümetiniň federal we sebit edaralarynyň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşýar. Bu barada moscow-baku.ru habar berýär.

HYF-nyň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň, ekologiýa, energetika,  ulag we logistika, energetika, we syýahatçylyk, şäher infrastrukturasy we durmuş-ykdysady ulgamda gatnaşyklaryň ösüşine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. 

Forumyň çäklerinde Hazarýaka döwletleriniň söwda senagat edaralarynyň işewürlik hyzmatdaşlygynyň Halkara geňeşiniň mejlisini, «Işewür Hazar» atly Hazarýaka ýurtlarynyň şäher häkimlikleriniň we häkimleriniň maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Forumda «Hazar sebiti uly Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň bölegi hökmünde: ösüşiň täze çagyryşlary we mümkinçilikleri», «hazar bäşliginiň» energetika taslamalary», «Hazar: Ýewraziýa ulag-logistika merkezi», «Hazar sebitiniň ýurtlarynyň syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy», «Hazar sebiti bütindünýä klimat gün tertibinde: çagyryşlar, mümkinçilikler, çemeleşmeler» diýen ugurlara üns çekiler.

I Hazar ykdysady forumy   2019-njy ýylda Türkmenistanda geçirildi. Şondan bir ýyl ozal  «hazar bäşligine» girýän döwletleriň Baştutanlary Hazar deňziniň derejesi hakynda Konwensiýa we Hazar ykdysady forumynyň hemişelik meýdançasyny döretmek barada çözgüde gol çekdiler. 

Ýatlap geçsek, şu ýylyň iýunynda Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda    VI Hazar sammiti geçirildi.