Ýaponiýadan Türkmenistana getirilýän tehnikalaryň bahasy 560 million dollara deňdir

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellemegine görä, Ýaponiýadan Türkmenistana getirilýän tehnikalaryň bahasy ABŞ-nyň 560 million dollaryna deňdir. Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary üstünlikli amala aşyryldy. Onuň barşynda Ýaponiýanyň iri konserninleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. 

Iş duşuşyklarynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana Ýaponiýanyň Toyota we Komatsu söwda belgili ýörite hem-de awto ulaglarynyň gelip başlandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň çäginde häzirki wagtda iş alyp barýan ýapon telekeçileri bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga üns çekildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki hyzmatdaşlygyň ýurduň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýändigini belledi.