Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň demir ýol düzümini kämilleşdirmegi we işjeňleşdirmegi tabşyrdy

30-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň demir ýol ulag düzümini ösdürmek we onuň işini has işjeňleşdirmek dogrusynda bellenildi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwlet Baştutanymyza ýurduň demir ýol ulaglary ulgamynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu ugurda bellenilişi ýaly «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, halkara şertnamalara hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, bu ulgamda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we hilini gowulandyrmak, demir ýol ulgamynyň düzümini kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek üçin demir ýol düzümine degişli häzirki zaman desgalarynyň kuwwatyndan doly derejede peýdalanmalydygyny hem-de demir ýol boýunça ýük daşalyşynyň möçberiniň has-da artdyrylmagyny gazanmalydygyny nygtady. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz agentligiň ýolbaşçysyna pudagyň düzümini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da işjeňleşdirmegi tabşyrdy.