Ýakyn günlerde, has takygy 24-nji sentýabrda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berlen Lebap welaýatynyň merkezindäki täze ýolagçy awtoulag menzili bu günki günde halka hyzmat edip başlady. Bu barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, täze awtomenzilden «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Lebapawtoulaglary» önümçilik birleşigi şäheriçi awtobus gatnawyny ýola goýdy. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda şäherara hem-de welaýat boýunça awtobus gatnawlary täze awtoulag menzili arkaly amala aşyrylýar.
Belläp geçsek, ýurt Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Diýarymyzyň Balkan, Daşoguz, Mary hem-de Lebap welaýatlarynda täze ýolagçy awtoulag menzilleriniň açylyş dabarasy boldy.
Täze desganyň umumy meýdany 30 müň inedördül metr bolup, ol birbada 700 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenendir.