2022-nji ýylyň 31-nji oktýabry — 3-nji noýabry aralygynda Eýranyň paýtagty Tähranda awtoulag düzüm bölekleriniň we awtohyzmatlaryň 17-nji «IAPEX-2022» halkara sergisi geçiriler. Bu halkara sergä türkmenistanly hünärmenler hem gatnaşmak üçin çagyrylýar.
Bu babatdaky degişli habar Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan ýetirilýär. Has giňişleýin maglumat almak üçin telefon belgisi: +99312349361. Elektron poçta salgysy: info@idro-fairs.com.
Bellesek, bu halkara sergi 2005-nji ýyldan bäri her ýylda geçirilip gelýär. Onda sergi zalynda awtoulag önümçiligine hem-de şonuň bilen bagly beýleki pudaklara degişli ähli sergiler köpçüligiň dykgatyna tanyş ediler.