24-nji sentýabrda ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Mary hem-de Lebap welaýatlarynda döwrebap awtomenziller açylyp ulanmaga berildi. Bu desgalaryň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly onlaýn wideoaragatnaşyk görnüşinde gatnaşdy.
Ýurduň dört welaýatynda açylan awtomenzilleriň gurluşygy Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň buýurmagy esasynda «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirildi.
Ýolagçylara ýokary derejede, medeniýetli hyzmat etmek babatda ähli döwrebap şertler döredilen awtomenzilleriň açylyş dabaralarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan bu awtomenzillere döwrebap ýolagçy awtoulaglary sowgat berildi. Umumy meýdany 3 gektara bolan bu desgalaryň her birinde birbada 700 ýolagça hyzmat ediler.
Awtomenzil desgalarynyň birinji gatynda 140 ýolagça niýetlenen garaşylýan zal, ýolagçylar üçin iki sany çykalga, sorag-jogap nokady, awtobus, demir ýol we howa gatnawlary üçin petek satyş kassalary, iş otaglary, goş saklanýan kamera, garbanyşhana, dermanhana, lukmançylyk otagy, aragatnaşyk otagy, dükanlar, market we hajathanalar ýerleşýär. Şular bilen birlikde her awtomenziliň içerki şertlerinde äli zerurlyklar nazarda tutuldy.
Bu desgalaryň açyk awtoduralgalarynyň meýdany 2150 inedördül metre deň bolup, bir wagtyň özünde 100 sany ýeňil awtoulag üçin niýetlenendir. Üsti ýapyk duralgalaryň meýdany bolsa 2100 inedördül metre deň bolup, ol bir wagtyň özünde 112 sany taksi awtoulaglar üçin niýetlenendir.
Belläp geçsek, ýolagçy awtomenzilleriniň desgalary häzirki zaman ulag-kommunikasiýa desgalaryndan edilýän talaplara doly laýyk gelýändir.