2023-nji ýylda Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary bolar

23-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň geçiriljekdigini aýtmak bilen, oňa häzirki wagtdan taýýarlyk görüp başlamagyň möhümdigini belledi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Köp sanly ösüş wezipelerini özünde jemlän Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda döwlet Baştutanymyz bu babatda: «Men hemişe döwür bilen aýakdaş kanunçylygymyzyň bolmalydygyny belleýärin» diýip belläp geçmek bilen, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik işlerinde milli parlamentiň wekilleriniň uly ornunyň bardygyna ähmiýet berdi.