«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tehniki parky ýurt Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça täze satyn alnan 150 sany «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksi awtoulaglary bilen üpjün edildi.
Taksi hyzmatlaryny ýerine ýetirjek täze ýeňil awtoulaglara GPS ulgamy ornaşdyrylyp, bu enjamlaryň kömegi bilen, islendik wagtda awtoulag serişdesiniň nirededigini kesgitläp, şeýle-de ulagyň tizlik derejesine gözegçilik edip bolýar. Mundan başga-da bu awtoulaglarda bank kartlary arkaly nagt däl görnüşde töleg geçirmek üçin elektron planşetler göz öňünde tutulandyr.
Türkmenistanyň ulag ulgamyny köptaraplaýyn ösdürmek bilen baglylykda, dünýäniň birnäçe öňdebaryjy kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň baglaşylýandygyny nygtamak gerek.