Aşgabatda Arçabil we Bitarap Türkmenistan köçeleriniň çatrygy ulanyşa girizildi

Birnäçe wagtlyk geçirilen abatlaýyş işlerinden soň, paýtagtymyzyň günorta çäginde ýerleşýän Arçabil hem-de Bitarap Türkmenistan köçeleriniň aýlaw çatrygy täzeden dolulygyna açyldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyna gabatlanyp ulanylmaga berlen täze aýlaw ýol özboluşly mozaika bezegleri bilen üpjün edildi. Aýratyn-da, bu ýer pyýadalaryň geçmekleri we dynç almaklary üçin esasy ýerleriň birine öwrüldi.

Bellesek, häzirki wagtda abatlaýyş işleri dowam etdirilýän Arçabil şaýolunyň beýleki köprüleriniň gurluşygy hem ýerine ýetirilip ulanylmaga berler.