«Türkmendemirýollary» agentliginiň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ulaglar parky CRRC Ziyang CO., LTD Hytaý kompaniýasy tarapyndan öndürilen täze 2 sany dizel ýük teplowozy bilen üpjün edildi.
Täze teplowozlar iki wagondan ybarat bolup, olar ýokary kuwwatlylyga we çekiş güýjüne eýedir, şeýle-de täze teplowozlaryň ýetip bilýän ýokary tizligi sagatda 100 kilometre barabardyr. Bellenilen aýratynlyklara görä, olar demir ýollarda has uly ýük otlularyny birikdirmäge we ýük daşamagyň tizligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Bu, esasanam, Türkmenistanyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda halkara ulag geçelgesi hökmünde barha artýan ähmiýeti bilen baglylykda möhümdir.
Belläp geçsek, bu teplowozlar öndürilende halkara howpsuzlyk we daşky gurşaw talaplaryndan ugur alyndy. 2023-nji ýylyň ýanwaryna çenli olaryň ýene-de 13-üsi getiriler diýlip habar berilýär.