Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçirilýän ykdysady üstünlikleriň sergisine «Türkmenawtoulaglary» agentligi hem mynasyp özgertmeleri bilen işjeň gatnaşýar.
Agentlik hem-de onuň düzümine girýän pudaklar iş çygrynda ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak babatda şärerara, şäheriçi hem-de halkara derejesindäki gatnawlary amala aşyrýar. Bu günki günde agentlik 600-den gowrak gatnaw ugurlary boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär. Mundan başga-da, 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, agentlik tarapyndan 26 sany täze, 22 sany bolsa üýtgedilen täze awtobus gatnaw ugurlary ýola goýuldy.
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ulaglar parkynda Aşgabat şäheri hem-de ýurduň ähli welaýatlary boýunça hyzmat edýän täze ýeňil taksi awtoulaglarynyň bardygyny bellemek gerek.
Garaşsyzlyk ýyllarynda bu pudagyň işine özgertmeler girizilip, jemgyýetçilik ulaglaryna elektron töleg ulgamy ornaşdyryldy. Şol sanda bu hili tölegleri amala aşyrmak mümkinçilikleri taksi ulaglarynda hem üpjün edildi. Indi raýatlar şäherara hem-de şäheriçi jemgyýetçilik awtobuslarynyň peteklerini onlaýn görnüşde alyp bilýärler. Ýolagçylara amatly bolmagy göz öňüne tutulyp bu ugurda «Duralga», «Şäher bilet» we beýleki ykjam goşundylar işlenip taýýarlanyldy.
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň iş tejribesine ornaşdyran täzeçillikleri we müşderiler üçin ýokary amatlylygy döredýän hyzmatlar toplumy 20-21-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalynda geçirilen ykdysady üstünlikleriň sergisinde halk köpçüligine tanyşdyryldy.