14 — 16-njy sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň degişli düzümleriniň wekilleriniň arasyndaky duşuşyklar geçirildi. Bu barada DIM-iň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmen wekiliýetiniň BAE saparynyň çäklerinde BAE-niň Baş Raýat Awiasiýa edarasynyň Baş direktorynyň orunbasary Omar bin Galebi, BAE-niň «Etihad Rail» demir ýol edarasynyň ýolbaşçylary, Dubaýyň Hökümetiniň Ykdysady ösüş we syýahatçylyk boýunça müdirýetiniň Baş direktorynyň orunbasary Ali Ybrahimi hem-de BAE-niň «Dubai Nasdaq» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirildi.
Gepleşikleriň esasy mowzugy özara söwda-ykdysady hem-de ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyklar bilen bagly boldy. Bu babatda ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça gatnaşyklar dogrusynda pikir alşyldy. Has takygy, BAE-niň «Etihad Rail» demir ýol edarasy bilen Türkmenistanyň «Türkmendemirýollary» agentliginiň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak we BAE — Eýran — Türkmenistan ulag geçelgesini döretmek mümkinçiligini, şeýle hem BAE-e Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesi bilen birleşmäge mümkinçilik bermek barada gürrüňdeşlik geçirildi.
Şular bilen birlikde, gepleşiklerde Türkmenistanyň Dubaýa täzeden howa gatnawlaryny ilkinjileriň hatarynda ýola goýandygyna ähmiýet berildi.