Hormatly Prezidentimiz konteýner gatnawlary babatda dörttaraplaýyn şertnamany teklip etdi

Samarkant şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Prezidenti Si Szinpin bilen geçirilen duşuşygyň barşynda Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara ulag geçelgesi boýunça konteýner gatnawlaryny amala aşyrmak babatda dörttaraplaýyn şertnamany baglaşmagy teklip etdi.

Duşuşykda «Hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlarynyň arasynda ulag-logistika pudagy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol gatnawynyň täze ugur hökmünde geljegi uly diýlip kesgitlenilýär. Bellenilişi ýaly, bu ulag geçelgesiniň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin konteýner daşamalary babatda dörttaraplaýyn şertnama baglaşmak maslahat berilýär» diýlip beýan edilendigi barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.

Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran täze demir ýol geçelgesi 2014-nji ýylyň dekabrynda işe girizildi. Ol Hytaýdan Eýrana çenli aralygy 500 km gysgaltmaga mümkinçilik berýär.

Habar berlişi ýaly, gepleşiklerde HHR-iň Prezidenti Si Szinpin Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygyny goldady we bu babatda işe girişmek esasynda Türkmenistanyň Hytaýa tebigy gaz üpjünçiligi ýylda 65 milliard kub metre çenli artar.