Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin şu gün irden Özbegistan Respublikasyna sapar bilen bardy. Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministri Abdylla Arypow we beýleki resmi işgärler garşyladylar diýlip, Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynda beýan edilýär.
Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti «Hazret Hyzr» ýadygärlikler toplumyna barar, şeýle-de Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowy hatyralamak çäresine gatnaşar.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky mejlisine 15 döwletiň, şolda sanda HHR-iň, Gazagystanyň, Hindistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkiýe Respublikasynyň we beýleki döwletleriň baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Belläp geçsek, döwlet Baştutanymyz mart aýynda Prezidentlik wezipesine saýlananyndan soň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisine ilkinji gezek hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. Mundan başga-da, ozal habar berlişi ýaly, sammitiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirer.