Bildiriş

Awtoulag serişdeleri arkaly eksport-import edilýän we üstaşyr geçýän ýükleri daşamakda amatly we bäsdeşlige ukyply şertleri döretmek, demir ýol ulgamy boýunça Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt awtoulag serişdeleriniň we motosiklleriň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň möçberleri hem-de daşary ýurt döwletleriniň awtoulag serişdeleriniň Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerinden Türkmenistanyň çägine girip, bu ýerlerdäki ilkinji demir ýol beketlerine ýa-da howlularyna çenli gelip ýükleri tabşyrmagy we alyp gitmegi üçin, olaryň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň möçberleri bellenildi.

Täze bellenen amatly nyrhlar 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan güýje girýär.